Ysraýyl Gaza hüjüm guramaga dowam edýär

Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 55-si çaga bolmak bilen jemi 188 adama ýetdi

1640267
Ysraýyl Gaza hüjüm guramaga dowam edýär

Ysraýylyň 10-njy martdan bäri gury ýerden we howadan guramaga dowam edýän Gazadaky ýagdaý barha agyrlaşýar. 

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň düýn gijeden bäri dowam edýän hüjümlerinde 12-si zenan, 8-i çaga bolmak bilen ýene-de 33 palestinalynyň ýogalandygy, 5 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Guralan soňky hüjümler bilen birlikde Gazada 55-si çaga, 33-i zenan bolmak bilen jemi 188 palestinalynyň ýogalandygy, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 1 müň 230 adama ýetendigi aýan edildi. 

Ysraýyl Gazada Zähmet we sosial galkynyş ministrligine degişli 2 binany bombalady. 

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi Ysraýylyň saglygy goraýyş merkezinede 2 raketa bilen hüjüm gurandygyny, bina uly zeper ýetendigini habar berdi. 

Beýleki tarapdan Ysraýylyň polisiýa gullugy basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde 25 palestinalyny göz tussaglygyna aldy, giren öýleriniň birinde öýdäki zenanlara we çagalara hüjüm etdi. 

Şeýlelik bilen Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Gündogar Iýerusalimde Oraza aýyndan bäri göz tussaglygyna alan palestinalylaryň sany 1 müň adama ýetdi. 

 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #hüjüm , #Gaza

Degişli Habarlar