Taliban Kabulyň golaýyndaky etraby basyp aldy

Talibanly başbozarlar Kabulyň golaýyndaky etrabyň gözegçiligini ele geçirdi

1638631
Taliban Kabulyň golaýyndaky etraby basyp aldy

Owganystanda Talibanly başbozarlar ýurdyň paýtagty Kabul şäherine takmynan 30 km uzaklykda ýerleşýän Narh etrabynyň gözegçiligini ele geçirdi. 

Kabulyň golaýynda ýerleşýän Maýdan Wardak welaýatynyň gubernatory Abdul Rahman Taryk metbugata beren beýanatynda Talibanly başbozarlaryň Maýdan Wardak welaýatynyň Narh etrabyna hüjüm etmäge başlandygyny mälim etdi. 

Howpsuzlyk güýçleriniň etrapdan çekilendigini aýdan Taryk, şeýlelik bilen etrabyň merkeziniň Talibanyň gözegçiligine geçendigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Goranmak ministrligi, etrap merkeziniň yzyna alynmagy üçin operasiýa başladyljakdygyny mälim etdi. 

Taliban bolsa etrabyň merkeziniň daşynda şeýle hem bir polisiýa merkezini basyp alandyklaryny öňe sürdi. 

Talibanly başbozarlar 5-nji maýda bolsa ýurdyň Baglan welaýatynyň Burka etrabynyň gözegçiligini ele geçiripdi. 

Talibanly başbozarlar mundan başgada Oraza aýynyň dowamynda 3 günläp hüjüm guralmajakdygyny beýan edipdi. 



Degişli Habarlar