Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada bir palestinalyny şehit etdiler

Palestinanyň resmilerinden waka bilen baglanşykly entek beýanat berilmedi

1638119
Ysraýylly esgerler Günbatar Şeriada bir palestinalyny şehit etdiler

Ysraýylly esgerleriň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň demirgazygynda ýerleşýän Zaatra harby gözegçilik nokadynda ýaragly hüjüm guramak isländigi öňe sürülen palestinalylara degişli bir ulaga od açmaklary netijesinde bir palestinaly agyr ýaralandy. 

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanatda, Günbatar Şerianyň demirgazygyndaky Nablus şäheriniň golaýynda Zaatra harby gözegçilik nokadynda ýaragly hüjümiň guralmak islenendigi öňe sürüldi. 

Beýanatda ulag bilen hüjüm guralmaga synanyşylan hüjüme garşy ysraýylly esgerleriň od açandygy we ulagyň içinde bolan 2 palestinalynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi üns çekilip, ysraýylly esgerlerden ýaralanan adamyň bolmandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň Ýediot Ahronot gazedinde berilen habarlara görä bolsa, iki palestinaly ýaş oglanyň Zaatrada ulanan ulaglary bilen ýaragly hüjüm gurandyklary we ysraýyllyň esgerleriň birini öldürendikleri, beýlekisini bolsa agyr ýaralandygy aýan edildi. 

Beýleki tarapdan Palestinanyň metbugatynda bolsa, Zaatra harby gözegçilik nokadynda ysraýylly esgerleriň od açmaklary netijesinde 2 palestinalynyň şehit bolandygy habar berildi. 

Palestinanyň resmilerinden waka bilen baglanşykly entek beýanat berilmedi. 


Etiketkalar: #şehit , #Palestina , #esger , #Ysraýyl

Degişli Habarlar