Ysraýylyň Guran Hüjümlerinde 24 Adam Şehit Boldy

Hüjümlerde 103 adam hem ýaralandy

1637702
Ysraýylyň Guran Hüjümlerinde 24 Adam Şehit Boldy
israil saldırı.jpg
israil saldırı 2.jpg
israil saldırı 3.jpg

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň düýn gije Gaza sektoryna guran howa hüjüminde 9-i çaga 24 adam şehit boldy, 103 adam hem ýaralandy

Ysraýyl, Gaza sektorynyň Beýt Hanun etrapçasyna howa hüjümini gurady.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri hüjümde köçäni nyşana aldy.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, howa hüjüminde 3-i çaga 9 adam şehit boldy.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň basyp alyşlygy astyndaky Gündogar İýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidindäki palestinalylara garşy birnäçe günden bäri guraýan hüjümlerinde ýaralananlaryň sany 331 adama ýetdi.

Düýn gije Ysraýylyň goşunlarynyň Gaza sektoryna garşy harby operasiýa başladandygy, Gaza howa hüjümini gurandygy, Gazadan ýurduň günortasyna köp sanly roketa atylandygy habar berlipdi.



Degişli Habarlar