Taliban Oraza Baýramynda Hüjümlerini Bes Eder

Talibandan, başbozarara baýramyň dowamynda haýsydyr bir hüjümiň guralmazlygy üçin görkezme berdi

1637171
Taliban Oraza Baýramynda Hüjümlerini Bes Eder

 

Taliban, Oraza baýramynda Owganystanda 3 gün möhlet bilen hüjümlerini etjekdigini mälim etdi.

Talibandan berlen beýannamada, başbozarara baýramyň dowamynda haýsydyr bir hüjümiň guralmazlygy üçin görkezme berlendigi nygtaldy.

Beýannamada, Talibanly başbozarlaryň hökümetiň gözegçiligi astyndaky ýerlere, edil şonuň ýaly hem hökümete tabynlykdaky güýçleriň Talibananyň gözegçiligi astyndaky ýerlere girmejekdigi ýatladyldy.

Beýannamada, halkyň baýramy asuda ýagdaýda geçirmegi üçin hüjümleriň bes edilmegi hakynda kararyň kabul edilendigi bellenildi, emma garşy tarapdan haýsydyr bir hüjüm guralan halatynda gaýtawul beriljekdigi nygtaldy.

Hökümet tarapyndan heniz Talibanyň karary hakynda hiç hili beýannama berilmedi.


Etiketkalar: #hüjüm , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar