Kataryň Emiri Saud Arabystanyna Bardy

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani, Saud Arabystanyna bardy.

1637819
Kataryň Emiri Saud Arabystanyna Bardy

Saud Arabystanynyň SPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani Jiddedäki halkara Şa Abdulaziz howa menzilinde Mirasdar Şazada Muhammed Bin Salman tarapyndan garşylandy.

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani Aýlag ylalaşygyndan soň ilkinji gezek Saud Arabystanyna bardy.

Şyh Temim bilen Mirasdar Şazada Selam köşgünde bolan duşuşykda iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.

Duşuşykda sebitara we halkara mesleler hem seljerildi.



Degişli Habarlar