Yrak, Birnäçe Gezek Saud Arabystany-Eýran Duşuşygyna Ýer Eýeçiligini Etdi

Prezident Salih, şol duşuşyklaryň geçirlen wagty mazmuny barada bolsa maglumat bermedi

1635006
Yrak, Birnäçe Gezek Saud Arabystany-Eýran Duşuşygyna Ýer Eýeçiligini Etdi

Yragyň Prezidenti Berhem Salih, ýurdunyň soňky döwürde birnäçe gezek Saud Arabystany-Eýran duşuşygyna ýer eýeçiligini edendigini aýtdy.

Yragyň Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda geçirlen birnäçe duşuşyga ýer eýeçiligini edendigini aýdan Prezident Salih, şol duşuşyklaryň geçirlen wagty mazmuny barada bolsa maglumat bermedi.

Yragyň Prezidenti Salih, “Eýran goňşymyz. Sebitara gatnaşyklarynyň ösmegini isleýäris. Biz özygtyýarlygymyz meselesine hem uly ähmiýet berýäris. Yragyň haýsydyr bir çaknyşyk sferasyny öwrülmegini islemeýäris” diýdi.

Berhem Salih, yraklylaryň asuda we durnukly ýagdaýda ýaşamagy üçin sebitdäki hyzmatdaşlary we dostlary bilen ýakyndan gatnaşyk etmek isleýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar