“Owganystan, Talibana Garşy Göreşde Käbir Kynçylyklary Başdan Geçip Biler”

“Owgan howpsyzlyk güýçleri tejribeli, emma halkara güýçleriň goldawy bolmazdan Talibanyň hüjümlerine garşy taýardygyny aýdyp bilmerin”

1632847
“Owganystan, Talibana Garşy Göreşde Käbir Kynçylyklary Başdan Geçip Biler”

ABŞ-nyň Baş ştatynyň başlygy goşun generaly Mark Milleý, ABŞ-nyň esgerleriniň Owganystandan çekilmeginden soň owgan hökümetiniň Talibana garşy göreşde käbir kynçylyklary başdan geçirip biljekdigini aýtdy.

Milleý, AP-ä beren beýannamasynda, “Owgan howpsyzlyk güýçleri tejribeli we döwrebap enjamlary hem bar. Emma halkara güýçleriň goldawy bolmazdan Talibanyň hüjümlerine garşy taýardygyny aýdyp bilmerin” diýdi.

Owganystanda resmi Kabul bilen Talibanyň arasynda syýasy ylalaşygyň gazanylyp bilinjekdigine ünsi çeken Milleý, ylalaşyk gazanylan halatynda adam pidalarynyň hem öňüniň alynjakdygyny belledi.



Degişli Habarlar