Günorta Afrika Pfizer Sanjymynyň Birinji Tapgyryny Kabul Edip Aldy
Günorta Afrika Britaniýanyň “AstraZeneca” sanjymyny ulanmakdan el çekipdi.
Günorta Afrika Respublilasy koronawirus garşy öndürilen Germaniýanyň “Pfizer” sanjymlarynyň birinji tapgyryny kabul edip aldy.
Saglygy goraýyş ministri Zweli Mkhize Twitter hasagbynda Or Tambo howa menzilinde ýük uçarlaryndan düşürilen sanjymlaryň fotosuratlaryny paýlaşdy.
Ýurt iýun aýynyň ahyryna çenli 4,5 million doza “Pfizer” sanjymyny kabul edip alar.
Günorta Afrika mutasiýa garşy netijeli bolmandygy sebäpli Britaniýanyň “AstraZeneca” sanjymyny ulanmakdan el çekip, Amerikanyň “Jonson&Jonson” sanjymyny ulanmaga başlapdy.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.