“Ýemendäki Krizisiň Ýeke-täk Çözgüdi Syýasy”

Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif Ýemendäki krizisiň çözgüdiniň syýasydygyny beýan etdi

1630714
“Ýemendäki Krizisiň Ýeke-täk Çözgüdi Syýasy”

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä Omanyň paýtagty Maskatda saparda bolan Zarif, husileriň wekili Muhammed Abdussalam bilen duşuşdy.

Zarif duşuşlykda Ýemendäki krisizin ýeke-täk çözgüdinin syýasydygyny beýan edip, ylalaşygy we ýemenlileriň öz aralaryndaky gepleşik etabyny goldaýandyklaryny aýtdy.

Abdussalam bolsa Zarife Ýemendäki soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

Uzak ýyllardan bäri syýasy taýdan durnuksyz bolan Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan husiler bilen hökümete degişli güýçleriň arasynda çaknyşyklar dowam edýär.

Husiler 2014-nji ýylyň sentýabryndan bäri paýtagt Sananyň we käbir şäherleriň gözegçiligini ele geçiren bolsa, Saud Arabystanynyň önbaşçylyk edýän hyzmatdaşlyk güýçleri 2015-nji ýylyň martyndan bäri husilere garşy Ýemeniň hökümetini goldaýar.

Ýurtda 6 ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklar müňlerçe adam pida boldy.

 



Degişli Habarlar