Jo Baýden Kongresde ilkinji gezek beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Kongresdäki ilkinji beýanatynda, ýurdyň içeri we daşary syýasatynyň üstünde durup geçdi

1630489
Jo Baýden Kongresde ilkinji gezek beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndan bäri ilkinji gezek Kongresde Senatyň we Wekiller mejlisiniň agzalaryna ýüzlenip çykyş etdi. 

Jo Baýden häzirki wagtda asyryň iň erbet epidemiýasy bolan koronawirus epidmeiýasyny we Uly depressiýadan bäri iň uly ykdysady krizise sezewar galandyklaryny habar berdi. 

Jo Baýden ýurdyň ähli mümkinçiliklerini ýola goýandyklaryny mälim etdi. 

Daşary syýasat bilen bagly Jo Baýden: "Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin bilen geçiren telefon söhbetdeşligimde özüne aýtdym, bäsdeşligi kabul edýäris, emma çaknyşygyň tarapdary däldiris" diýip belledi. 

Jo Baýden Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem çaknyşygyň tarapdary bolmandyklaryny, emma aksiýalarynyň netijesiniň boljakdygyny aýdandygyny belläp: "Russiýanyň saýlawlarymyza goşulmagyna, hökümedimize we kärhanalarymyza guralan kiber hüjümlere proporsional jogap berdik. Emma mesele umumy bähbitler bolanda hyzmatdaşlyk edip bileris. Putin biziň gerek bolan jogaby berjekdigimize gowy göz ýetirdi" diýip habar berdi. 

Eýranyň we Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmalarynyň dünýä üçin bir howpdygyny aýdan Jo Baýden: "Bu ýurtlaryň emele getirýän howplaryna garşy diplomatiýa we tutanýerlilik bilen hyzmatdaşlarymyz bilen ýakyndan gatnaşyk saklarys" diýip aýan etdi. 

Jo Baýden Owganystandaky esgerler üçin "Indi öýe gaýdyp gelmegiň wagty geldi" diýip ýüzlenme berdi. 

"Şu günki gün biziň watanymyzda iň uly terror howpy ak rasizmdir" diýip aýdan Jo Baýden: "Ak rasizm terrordyr we muny görmediksirän bolmarys" diýip belledi. 

Jo Baýden ýurtda ýarag satuw babatyndaky kanuny ýetmezçilikleri ýapmaga synanyşýandyklaryny nygtap geçdi. 

Bosgun babatynda bolsa Baýden: "30 ýyldan gowrak wagt bäri syýasatçylar bosgun özgertmesiniň üstünde durup geçýärler, emma edilýän hiç zat ýok. Indi şony düzeltmegiň wagty geldi" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar