Russiýa Kosmos Bekedini Gurmaga Başlady

Russiýanyň Fedaral kosmos gullugynyň (Roskosmos) Başlygy Dmitriý Rogozin kosmos bekedini gurmaga başlandyklaryny beýan etdi

1625069
Russiýa Kosmos Bekedini Gurmaga Başlady

Rogozin Twitter hasabyndan Twitter hasabyndan taze kosmos bekediniň gurluşygynyň wideo ýazgylaryny paýlaşyp; “Täze rus kosmos bekedi üçin ilkinji modul işlemäge başlady” diýip ýazdy.

Şol bekedi 2025-nji ýylda älem giňişligine çykarmagy maksat edinýändillerine ünsi çeken Rogozin, gurluşygyň raketa we kosmos firmasy “Energiýa” tarapyndan alynyp baryljakdygyny beýan etdi.

Russiýanyň Premýer ministriniň orunbasary Ýuriý Borisow hem Halkara kosmos bekedinde tehniki kynçylyklaryň ýüze çykýandygyny beýan edip: “Kosmonawtlaryň janyna howp abanmagyna ýol bermeris. Bekediň gurluşygy we demiriň könelmegi agyr ýitgileriň çekilmegine, pajygalara sebäp bolup biler. Oňa ýol berilmeli dal” diýdi.

Russiýanyň öz kosmos bekedini gurmagy meýilleşdirendigini aýdan Borisow, şol bekediň aýyň we töweregindäki giňişligiň öwrenilmegi bilen bagly uçuşlar üçin peýdalanylyp bilinjekdigini aýtdy.

Borisow, Russiýanyň täze beket taslamasyny iş ýüzüne geçirmäge güýjüniň ýetjekdigini, emma taslama halkara hyzmatdaşlaryň hem gatnaşyp biljekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar