Tähran Riýad Bilen Gepleşiklere Başlady

Emma gepleşiklerden häzirki wagtda çenli netije alynmandygy habar berildi

1624896
Tähran Riýad Bilen Gepleşiklere Başlady

Eýranyň Yrakdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ired Mesjidi resmi Tähran bilen Riýadyň arasynda Yragyň töwellaçylyk etmegimnde gepleşikleriň başlandygyny beýan etdi.

Ilçi Mesjidi gepleşikleriň başlandygyny, emma heniz değerli netije alynmandygyny aýtdy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy “IRNA” beýannama beren Mesjidi, Yragyň töwellaçylyk etmeginde resmi Tähran bilen Riýadyň arasynda gepleşikleriň geçirilýändigini tassyklady.

Mesjidi; “Düşnüşmezlik bolan ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmak üçin Bagdadyn töwellaçy bolmagyny goldaýarys. Yrak, Eýran bilen gatnaşyklary kesilen, syýasy dartgynlygy bolan ýurtlary ýakynlaşdyrmak üçin goşant goşsa, biz hoşal bolarys. Eýran, Yragyň hökümetine bu mesele boýunça garaýyşlaryny beýan etdi” diýdi.

Yragyň töwellaçylyk etmekdäki pozisiýasyna, başlangyjyna we tagallasyna kanagatlanma bildiren Mesjidi, gepleşikleriň üçtaraplaýyn ýa-da köp taraplaýyn geçirilip bilinjekdigini aýtdy.

Ired Mesjidi gepleşikleriň netijesi hakynda bolsa: “Häzirki wagtda anyk netije alynmady. Rugsat ediň, işlerden netije alynsyn, anyk netijelerini göreliň” diýdi.

 



Degişli Habarlar