Russiýa degişli harby gämiler Gara deňizde türgenleşik geçirmäge dowam edýär

Russiýa degişli harby gämileriň Gara deňizde harby türgenleşik geçirmäge dowam edýändigi mälim edildi

1624951
Russiýa degişli harby gämiler Gara deňizde türgenleşik geçirmäge dowam edýär

Russiýanyň Gara deňiz flotyndan berilen beýanata görä, gyş möwsümindäki tälim we gözegçilik işleriniň çäginde 20-den gowrak harby gämi, Gara deňizde türgenleşik geçirýär. 

Türgenleşige "Su-25CM3" kysymly uçarlar bilen howa goranyş ulgamlary hem gatnaşdyrylýar. 

Russiýanyň Günorta harby zolagyndaky 50-den gowrak harby uçaryny bikanun ýagdaýda anneksiýa eden Krym ýarymadasyna ýerleşdirendigi habar berildi. 

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, 6-njy aprelde Russiýanyň harby güýçleriniň söweşe taýarlyk bilen baglanşykly gözegçiliklere başlandyklaryny belläp, ýurdyň biri-birinden tapawutly poligonlarynda harby türgenleşikleriň geçiriljekdigini mälim edipdi. 

Ady agzalan tälim meýilnamasynyň çäginde aprel aýynda 4 müň 48 aýry harby türgenleşigiň geçiriljekdigi aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar