Albaniýada metjitde pyçakly hüjüm guraldy

Albaniýanyň paýtagty Tirana şäherinde ýerleşýän Dine Hoja metjidindäki pyçakly hüjümde 5 adam ýaralandy, hüjümçi göz tussaglygyna alyndy

1624387
Albaniýada metjitde pyçakly hüjüm guraldy

Tirana şäheriniň ýerli Içeri işler müdürliginden berilen beýanatda, metjide giren bir adamyň entek anyklanmadyk sebäp bilen, elindäki pyçagy bilen 5 adamy ýaralandygy mälim edildi.

Beýanatda, Albaniýanyň raýaty, 34 ýaşyndaky Rugolf Nikolliniň polisiýa işgärleriniň tagallasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilip göz tussaglygyna alynandygy habar berildi.

Polisiýa işgärleriniň saglyk ýagdaýy kanagatlanarly bolan ýaralanan adamlara ilkinji tiz kömegini berendigi bellenen beýanatda, şol adamlaryň bejergi edilmek maksady bilen hassahanalara ugradylandygy aýan edildi.

Wakanyň anyklanmagy üçin polisiýa gullugynyň derňew işini başladandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar