ABŞ-da soňky 1 aýda guralan ýaragly hüjümlerde 70-den gowrak adam ýogaldy
ABŞ-da soňky 1 aýda guralan köpçülikleýin ýaragly hüjümlerde 70-den gowrak adam ýogaldy
ABŞ-da ýaragly hüjümler bilen baglanşykly hadysalara gözegçilik edýän "Ýaragly aksiýalar arhiwi" atly gurama tarapyndan berilýän maglumatlar, koronawirus epidemiýasyna garamazdan ýurtdaky hüjümleriň arakesmesiz dowam edendigini ýüze çykardy.
Şu ýylyň başyndan bäri 150-ä golaý köpçülikleýin hüjümleriň guralan ABŞ-da, soňky 1 aýlyk döwürde 45 köpçülikleýin ýaragly hüjümiň guralandygy mälim edildi. Bu hüjümlerde azyndan 72 adam ýogalyp, 100-den gowrak adam bolsa ýaralandy.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo baýden, ýarag satuwlaryna çäklendirme getirjek täze düzgünnamanyň Kongresden geçmegi barada çagyryş berýän bolsa, Kongresde bolsa bu ugurda bir kanuny düzgünnamanyň edilmeginiň kyndygy habar berilýär.
2019-njy ýylda 417 köpçülikleýin ýaragly hüjümiň guralan ýurtda geçen ýyl bolsa 600-den gowrak ýaragly hüjüm guraldy.
Degişli Habarlar
Döwlet Sekretarlygynyň Metbugat Sekretary Ýurdunyň Gaza Syýasaty Sebäpli Wezipesinden Çekildi
Hala Gharrit, ýurdunyň alyp barýan Gaza syýasatyna garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.