Jo Baýden amerikan esgerleriň Owganystandan şu ýyl çekiljekdigini habar berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Owganystandaky amerikan esgerleriň 2021-nji ýylyň 11-nji sentýabryna çenli dolulygyna çekiljekdigini habar berdi

1621489
Jo Baýden amerikan esgerleriň Owganystandan şu ýyl çekiljekdigini habar berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ak Tamda beren beýanatynda, Owganystanda galan 2 müň 500 amerikan esgeriniň dolulygyna bu ýurtdan çekilmegi üçin meýilnamanyň düzülendigini mälim etdi.

Owganystanda ABŞ üçin terrorçylykly hüjümleriň merkezi bolmazlygy üçin iş alyp barýandyklaryny aýdan Jo Baýden, ABŞ-nyň Owganystandaky harby barlygyny giňeltmek aýlawyny mundan beýläk dowam etdirip bilmejekdigini aýan etdi.

Jo Baýden: "Amerikanyň iň uzak möhlet dowam eden söweşini tamamlamagyň wagty geldi. Amerikan esgerleriň öýlerine gaýdyp barmagyň wagty geldi" diýip belledi.

Baýden: "1-nji maýdan soň esgerlerimizi yza çekmäge başlarys. Emma bu ýerden çykýan mahalymyz howlukmaçlyk etmeris. Muny jogapkärçilikli, seresaply we howpsyz ýagdaýda amala aşyrarys" diýip beýan etdi.

Owganystanda takmynan 20 ýyl bäri ABŞ-nyň ýanynda bolan hyzmtdaşlaryna minnetdarlyk bildiren Jo Baýden: "2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda guralan hüjümiň 20-nji ýylyndan ozal Amerikan esgerleri NATO hyzmatdaşlarymyzyň esgerleri we operatiw toparlar bilen birlikde Owganystandan çykar" diýip mälim etdi.

Owganystan bilen Talibanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini hem goldamaga dowam etjekdiklerini aýdan Baýden: "Biz Owganystanyň zenanlarynyň we gyz çagalarynyň hukuklaryny goramaga dowam edýän mahalymyz, möhüm ynsanperwer we galkynyş meýilnamalaryny goldamaga dowam ederis. Mundan başgada sebitdäki beýleki ýurtlardan esasan hem Pakistan, Russiýa, Hytaý, Hindistan we Türkiýe ýaly ýurtlardan Owganystany goldamak üçin has köp zat etmeklerini isläris" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Owganystan , #Jo Baýden

Degişli Habarlar