ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Garaşylmadyk Ýagdaýda Kabula Bardy

Entoni Blinken, Abdullah bilen ABŞ-nyň Owganystandaky esgerleriniň çekilmegi meselesi hakynda pikir alyşdy

1622121
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Garaşylmadyk Ýagdaýda Kabula Bardy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken garaşylmadyk ýagdaýda Owganystanyň paýtagty Kabula bardy.

Entoni Blinken, Owganystanyň Milli Ýokary ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen ABŞ-nyň Owganystandaky esgerleriniň çekilmegi meselesi hakynda pikir alyşdy.

Owganystanyň Milli Ýokary ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah, ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini yzyna çekmegi meselesinde kabul edilen karara goldaw berýändiklerini aýtdy.

Abdullah, ABŞ-nyň mundan soň hem Owganystana ýardam bermäge dowam etjekdigini we bu karardan hoşaldyklaryny belledi.

ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerini yzyna çekjekdigini ýatladan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, iki ýurduň arasynda birnäçe ugurda täze gatnaşyk we hyzmatdaşlyk döwrüniň başlandygyny nygtady.



Degişli Habarlar