Donbass sebitinde 1 ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbass sebitinde Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparlaryň od açmagy netijesinde 1 ukrain esger ýogaldy, 2 esger bolsa ýaralandy

1620281
Donbass sebitinde 1 ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň Ýaragly güýçlerinden berilen beýanatda, düýn gije giýç sagatlardan başlap ýerli wagt bilen sagat 07:00-a çenli separatist toparlaryň 3 gezek ylalaşygyň düzgünini bozandygy mälim edildi. 

Beýanatda Donbass sebitiniň Maýorskoýe diýilen ýerinde separatist toparlaryň od açmagy netijesinde Ukrainanyň goşunyndan 1 esgeriň ýogalandygy we 2 esgeriň bolsa ýaralanandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #separatist , #esger , #Donbass , #Ukraina

Degişli Habarlar