Donbassda Ukrainaly 1 Esger Ýogaldy

Ukrainanyň Baş ştabynyň başlygy, Russiýanyň türgenleşik bahanasy bilen Ukraina serhediniň golaýyna esger ornaşdyrýandygyny aýdypdy

1619692
Donbassda Ukrainaly 1 Esger Ýogaldy

 

Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Donbass sebitinde, Russiýanyň tarapdary ekstremistleriň ot açandygy sebäpli ukrainaly 1 esger ýogaldy.

Ukrainanyň ýaragly güýçlerinden berlen beýannamada, mesele barada Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylaryna maglumat berlendigi nygtaldy.

Beýannamada, Donbassda ekstremistler tarapyndan ot açylandygy sebäpli Ukrainanyň ýaragly güýçlerinden 1 esgeriň ýogalandygy bellenildi.

Ukrainanyň Baş ştabynyň başlygy Ruslan Homçak, 30-njy martda Mejlisde eden çykyşynda, Russiýanyň türgenleşik bahanasy bilen Ukraina serhediniň golaýyna esger ornaşdyrýandygyny aýdypdy.

Donbass sebitindäki krizisiň çözülmegi maksady bilen Russiýadan, Ukrainadan we Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyndan ybarat üçtaraplaýyn aragatnaşyk topary 2020-njy ýylyň 27-nji iýulyndan başlap çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde karar kabul edipdi.

Sebitde garaşsyzlyklaryny yglan eden Russiýanyň tarapdary ekstremistler bilen Ukrainanyň hökümetiň arasynda 2014-nji ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklarda 13 müňden gowrak adam ýogaldy.


Etiketkalar: #esger , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar