Somalide iki aýry partlama boldy

Somalide 2 aýry ýerde guralan bombaly hüjümlerde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýogaldy

1619007
Somalide iki aýry partlama boldy

Hüjümiň ilkinjisi ýurdyň paýtagty Mogadişunyň 250 km demirgazyk-günbataryndaky Baidoa şäherçesinde guraldy. 

Resmiler hüjümçiniň Süweýş naharhanasynyň golaýyndaky Pars sebitiniň gubernatoryny nyşana alandygyny habar berdiler. 

Kamikaze hüjüminde 4 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy. 

Nyşana alynan gubernator bolsa hüjümde ýaralanamdan halas boldy. 

Al Kaýda terror guramasy bilen arabaglanşykda bolan Aş-Şebab terror guramasy hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we hüjümde gubernatoryň nyşana alynandygyny aýan etdi. 

Ýurdyň paýtagty Mogadişu şäherinde guralan 2-nji bombaly hüjümde bolsa 1 esger ýogaldy, 1 adam ýaralandy. 

Iki hüjümiň biri-birleri bilen arabaglanşykly bolup-bolmandygy entek bilinenok. 

Mogadişu şäherindäki bombaly hüjümiň jogapkärçiligini bolsa entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar