Eýranyň Söwda Gämisinde Partlama Boldy

“Gyzyldeňizde Sawiz atly söwda gämimizde düýn ýerli wagt bilen 06.00 töweregi partlama boldy"

1616468
Eýranyň Söwda Gämisinde Partlama Boldy

 

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Said Hatibzade, Gyzyldeňizde, ýurduna degişli Sawiz atly söwda gämisinde partlamanyň bolandygyny we gämä uly zeper ýetirlendigini aýtdy.

Hatibzade, “Gyzyldeňizde Sawiz atly söwda gämimizde düýn ýerli wagt bilen 06.00 töweregi partlama boldy”diýip belledi.

Partlamanyň sebäbiniň anyklanylmagy baradaky barlaglaryň dowam edýändigini aýdan Hatibzade, wakada ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygyny nygtady.



Degişli Habarlar