Nigeriýada Ýüzlerçe Tussag Gaçdy

Nigeriýanyň Imo ştatynyň ýaragly adamlaryň tussaghana guran hüjüminde ýüzlerçe tussag gaçdy

1615035
Nigeriýada Ýüzlerçe Tussag Gaçdy

Milli metbugatda çykan habarlara görä kimdi näbelli ýaragly adamlaryň Imo ştatynyň paýtagty Owerridäki tussaghana guralan hüjümde ýüzlerçe tussag gaçdy.

Hüjümde tussaghana oda berildi, köp sanly ulag ýandy.

Nigeriýanyň günortasynda ýerli ekstremist biafra halklary (IPOB) tarapyndan wagtal-wagtal şeýle hüjümler guralýar.

Günorta etraplarda 29-njy martda geçirilen operasiýalarda IPOB-a agza 16 adam ýaraglar we bombalar bilen ele salynypdy.

Nigeriýa döwleti tarapyndan terror guramasy yglan edilen IPOB, garaşsyz döwlet gurmak isleýär.



Degişli Habarlar