Ukrainanyň Daşary işler ministri ÝHHG-nyň döwürleýin başlygy bilen söhbetdeş boldy

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) döwürleýin başlygy Ann Linde bilen söhbetdeş boldy

1614320
Ukrainanyň Daşary işler ministri ÝHHG-nyň döwürleýin başlygy bilen söhbetdeş boldy

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) döwürleýin başlygy Ann Linde bilen Russiýanyň Ukraina serhedindäki harby işjeňligi bilen bagly meseleleri barada telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Dmitro Kuleba Twitterden beren beýanatynda, Ann Lindeý bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Russiýanyň Krymdaky we Donbassdaky howpsuzlyk ýagdaýyny dartgynlaşdyrmagyny we serhetdäki harby işjeňligini ara alyp maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Ministr Kuleba, telefon söhbetdeşliginde Moskwanyň has ýumuryjy göçümlerine päsgel bermek üçin diplomatik yşaratlaryň ugratmagyň möhümdigine ünsleri çekendigini mälim etdi. 

 


Etiketkalar: #serhet , #Russiýa , #ÝHHG , #Ukraina

Degişli Habarlar