Mýanmadaky protestlerde ýogalan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Mýanmada harby agdarlyşyga garşy geçirilýän protestlerde ýurdyň howpsuzlyk güýçleriniň ýarag ulanmagy netijesinde ýogalanlaryň sany 557 adama ýetdi

1614440
Mýanmadaky protestlerde ýogalan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Syýasy tussaglylar ýardam guramasy tarapyndan çap edilen habarnama görä, soňky 24 sagatda ýene-de 7 adamyň ýogalmagy bilen, protestlerde jemi ýogalanlaryň sany 557 adama ýetdi. 

Habarnamada 2 müň 658 adamyň göz tussaglygyna saklanýandygy we 235 adamyň hem göz tussaglygyna alynmak barada karar kabul edilendigi aýan edildi. 

Beýleki tarapdan bolsa ýurtda harby agdarlyşyga garşy protestler dowam edýär. 

Ýangon şäherinde Pasha baýramy mynasybetli ýumurtgaly aksiýa geçirildi. Şäheriň merkezindäki ýollara düzülip goýulan Pasha ýumurtgalary bilen "Federal goşuna mätäçligimiz bar" we "Harby hunta hökümeti ýok bolsun" ýazgylar ýazyldy. 

Magwaý, Mandalaý we Bago ýaly şäherlerde hem köp sanda adamyň gatnaşmagynda harby agdarlyşyga garşy protest ýörişler geçirildi. 

Mýanmanyň goşuny 2020-nji ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen saýlawda galplyk edilendigini öňe sürüp we ýurtda syýasy dartgynlygyň artmagyndan soň 1-nji fewralda hökümetiň başyna geçipdi. 

Mýanmanyň halky bolsa 6-njy fewralda demokratiýa gaýdyp gelinmegini talap edip protestler geçirmäge başlapdy. 

 



Degişli Habarlar