Indoneziýadaky sil apatynda 20 adam ýogaldy

Indoneziýanyň Gündogar Nusa Tenggara ştatynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 20 adam ýogaldy

1614299
Indoneziýadaky sil apatynda 20 adam ýogaldy

Ýurdyň Milli Apat dolanşyk merkezinden berilen beýanatda, ştatyň Flores şäheriniň gündogarynda ýerli wagt bilen sagat 11:00-da aşa ýagan ýagyşlar sebäpli sil apaty emele geldi.  

Gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde häzirki wagta çenli 20 adamyň jesediniň tapylandygy bellenip, 9 adamyň bolsa ýaraly ýagdaýda halas edilendigi we dereksiz ýiten 5 adamyň gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi habar berildi. 

Sil apaty sebäpli ýüzlerçe adamyň öýüne zyýan ýetendigi bellenen beýanatda, gözleg we halas ediş işleriniň häzirki wagtda hem dowam edýändigi aýan edildi. 

Ýurdyň resmileri mundan başgada Açe, Sumatra we Orta Ýawa ştatlary bilen paýtagt Jakarta we Ýogýakarta ýaly sebitlerde hem aşa ýagyşlaryň ýagyp biljekdigi barada duýduryş berdiler. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Indoneziýa

Degişli Habarlar