ABŞ-da iki aýry ýaragly hüjüm guraldy

Ýaragly hüjümlerde jemi 6 adam ýogaldy

1614309
ABŞ-da iki aýry ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynda öýde geçirilen oturylyşyklaryň birinde guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy.

Wilmington şäherinde oturylyşyk geçirilen öýleriň birinde ýaragyň sesleriniň eşidilmeginden soň, wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri ol ýerde   3 adamyň ýogalandygyny, 4 adamyň bolsa ýaralanandygyny anyklady.  

Ýaralanan adamlaryň golaýdaky New Hanower sebitiniň lukmançylyk merkezinde bejergi astyna alynandygy mälim edildi. 

Wilmington şäheriniň Polisiýa departamenti, düýn gije başdan geçirilen waka bilen baglanşykly, hüjümiň näme sebäpli guralandygyny we hüjümçiniň şahsyýetini anyklamak üçin işe girişendiklerini habar berdi. 

Beýleki tarapdan Meriland ştatynda bolan ýaragly hüjümde hem 3 adam ýogaldy. 

Şazada Jorj etrabynyň polisiýa gullugy Twitter hasabyndan beren beýanatynda, polisiýa işgärleriniň irden gözegçilik işlerini geçirýän etrapçasynda ýaragyň seslerini eşideninden soň, wakanyň bolan ýerine gysga wagtda barandyklaryny we ol ýerde 2 erkek bilen 1 zenan adamy ýaraly ýagdaýda tapandyklaryny aýan etdiler. 

Beýanatda ýaralanan adamlaryň gysga wagtyň içinde ýogalandyklary mälim edildi. 

Wakanyň tötänleýin bir jenaýat bolmandygy bellenen beýanatda, şübhe astynda bolan adamlaryň anyklanmagy üçin derňew işiniň başladylandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar