Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy

Nigeriýada asuda ilata garşy guralýan ýaragly hüjümler dowam edýär

1611862
Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy

Şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlar tarapyndan 4 aýry ýerde guralan ýaragly hüjümlerde asuda ilatdan 15 adam ýogaldy. 

Hüjümler Nigeriýanyň günortasyndaky Ebonýi ştatyna degişli ýerlerde guraldy. 

Şahsyýetleri entek anyklanmadyk adamlar, ýaragly hüjümler gurap, asuda ilaty nyşana aldylar. Ýaragly hüjümlerde asuda ilatdan 15 adam ýogaldy. Köp sanda adam ýaralandy. 

Hüjümleriň guralan ýerine howpsuzlyk güýçleri gönükdirildi. 

Nigeriýada 2 gün ozal guralan ýaragly hüjümde bolsa 19 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar