Ýarym Million Siriýaly Bäbek Türkiýede Dünýä Indi

Feridun Sinirlioglu, migrantlaryň 86 göteriminiň dowam edýän söweş sebäpli ýurtlaryna dolanmak islemeýändigini ýatlatdy

1611178
Ýarym Million Siriýaly Bäbek Türkiýede Dünýä Indi

 

Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Feridun Sinirlioglu, ýurtlaryny bilmeýän siriýaly ýarym million bäbegiň Türkiýede dünýä inendigini aýtdy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde geçirlen Siriýa meselesine garalan oturlyşykda çykyş eden Feridun Sinirlioglu, Siriýanyň hökümetiniň  10 ýyl ozal öz halkyna garşy söweş başladandygyny belledi.

Sinirlioglu “Halkara jemgyýetçiligi hökmünde Siriýadaky söweşi bes edip bilmedik. Ýurduň içinde ýerlerini terk etmeli bolanlaryň we bosgunlaryň sanynyň gün saýyn köpelmeginiň öňüni alyp we Siriýada kömege mätäç halkara ýeterlik ynsanperwer kömegini berip bilmedik” diýdi.

Feridun Sinirlioglu, ýurtlaryny bilmeýän siriýaly ýarym million bäbegiň Türkiýede dünýä inendigini we migrantlaryň 86 göteriminiň dowam edýän söweş sebäpli ýurtlaryna dolanmak islemeýändigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar