Müsüriň paýtagty Kair şäherindäki 10 gatly binanyň çökmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Müsüriň paýtagty Kair şäherindäki 10 gatly binanyň çökmegi netijesinde ýogalanlaryň sany 23 adama ýetdi
1609984
Raýat goranyş toparlary, Kairiň gündogaryndaky Sues köprüsi etrapçasynda çöken binanyň aşagyndan ýene-de 5 adamyň jesediniň çykarylandygyny beýan etdiler.
Müsüriň Al-Ahram atly resmi gazedinde berilen habarlara görä, binanyň çökmegi sebäpli 23 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy. Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Ozal bolsa binanyň çökmegi netijesinde 18 adamyň ýogalandygy habar berilipdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.