Yrakda 27 Terrorçy Öldürildi

Yragyň 3 ýyl ozal DAIŞ-den saplanandygyna garamazdan terror guramasy ady agzalýan welaýatlarda hüjümlerini dowam etdirýär

1607786
Yrakda 27 Terrorçy Öldürildi

 

Yragyň goşunlary, Mosulyň daglyk etrapçalarynda terror guramasy DAIŞ-e garşy geçirlen operasiýada 27 terrorçynyň öldürlendigini habar berdi.

Ýurduň demirgazygynda Mosulyň Mahmur daglary etrapçasynda geçirlen operasiýanyň 14 gün dowam edendigi nygtaldy.

Daglyk we gaýalyk ýerde guralan howa hüjümlerinde terror guramasyna agza 27 terrorçynyň öldürlendigi bellenildi.

Terror gurasy DAIŞ, 2014-nji ýylyň iýun aýynda Yragyň Mosul, Salahaddin we Anbar welaýatlaryny, Diýala we Kerkuk welaýatlarynyň bolsa bir bölegini ele geçiripdi.

Ady agzalýan ýerler birnäçe ýyl soň yzyna alnypdy.

Yragyň ozalky Premýer ministri Haýdar Al Abadi, 2017-nji ýylyň 9-njy dekabrynda DAIŞ-e garşy ýeňiş gazanylandygyny mälim edipdi.

Yragyň 3 ýyl ozal DAIŞ-den saplanandygyna garamazdan terror guramasy ady agzalýan welaýatlarda hüjümlerini dowam etdirýär.

 

 

 



Degişli Habarlar