Bolgariýa 2 Rus Diplomady Ýurdundan Çykarar

Iki diplomadyň içalylyk edendikleriniň anyklanandygy bellenildi

1606249
Bolgariýa 2 Rus Diplomady Ýurdundan Çykarar

 

Bolgariýanyň Daşary işler ministrligi, içalylyk etmekde aýyplanýan 2 rus diplomada ýurdy terk etmekleri üçin 72 sagat möhlet berdi.

Bolgariýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, mesele hakynda Russiýanyň Bolgariýadaky ilçihanasyna maglumat berlendigi nygtaldy.

Iki diplomadyň içalylyk edendikleriniň anyklanandygy bellenildi.

NATO we ÝB-ne degişli gizlin maglumatlar Russiýanyň ilçihanasyna ýetirendikleri üçin 6 adam hakynda kazyýet işiniň gozgalandygy bellenildi.

Russiýanyň Bolgariýadaky ilçihanasyndan berlen beýannamada bolsa, bolgar ýolbaşçylarynyň bu göçüminiň asylsyzdygy we rus-bolgar gatnaşyklaryna zeper ýetirjekdigi ýatladyldy.


Etiketkalar: #diplomat , #içaly , #Bolgariýa

Degişli Habarlar