Asada tabynylkdaky güýçler Idlibe hüjüm gurady
Abu Laýis, toparlaryň ýaralanan adamlary golaýdaky beýleki hassahanalara ýerleşdirendigini aýan etdi

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Eýranyň gözegçiligi astyndaky terrorçy toparlaryň, Halap welaýatynyň Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda ylalaşygyň düzgünini bozup, hassahanalaryň birine toplar bilen guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 1-i çaga bolan jemi 6 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy.
Siriýanyň Raýat goranyş toparynyň Media ofisinden jogapkär işgäri Ibrahim Abu Laýis, Asada tabynlykdaky güýçleriň Al-Eterip etrabyndaky hassahana toplar bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.
Hüjümleriň netijesinde aralarynda 1-i çaga bolan asuda ilatdan jemi 6 adamyň ýogalandygyny aýdan Abu Laýis, 4-siniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 15 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.
Abu Laýis, toparlaryň ýaralanan adamlaryň golaýdaky beýleki hassahanalara ýerleşdirendigini aýan etdi.
Degişli Habarlar

Owganystanda Mekdebe Granat Atyldy
Hüjümde iki okuwçynyň ýogalandygyny aýdan Halimi, 4 okuwçynyň hem ýaralanandygyny aýtdy.

Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi
Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa habar berdi.