ÝB, Türkiýä Kömek Bermäge Mejbur

Žozef Borrel, ÝB-niň, immigrantlary kabul edendigi sebäpli Türkiýä kömek bermäge mejburdygyny aýtdy

1604309
ÝB, Türkiýä Kömek Bermäge Mejbur

 

ÝB-niň daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Žozef Borrel, ÝB-niň, immigrantlary kabul edendigi sebäpli Türkiýä kömek bermäge mejburdygyny aýtdy.

Borrel, ÝB-niň Liwiýa goýlan ýarag embargosyna gözegçilik etmek üçin döredilen İrini operasiýasynyň serkerdelik merkezine baryp gördi.

Borrel merkezde metbugata beren beýannamasynda, Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda baglaşylan immigrantlar şertnamasynyň bikanun göçüň we köp sanly adamyň ýogalmagynyň öňüni alandygyny nygtady.

“Şertnama dowam etdirilmeli” diýen Borrel, Türkiýäniň 4 milliondan gowrak immigranty kabul edendigini nygtap “ÝB, Türkiýä kömek bermäge mejbur” diýdi.

ÝB-niň daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Žozef Borrel, duşenbe güni gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklarynyň seljeriljekdigini ýatlatdy.


Etiketkalar: #şertnama , #Žozep Borrel , #ÝB

Degişli Habarlar