Günbatar Ýurtlary Bikanun Ýollara Ýüz Tutýarlar
Lawrow günbatar bilen ýurduň bähbidine laýyklykda dowam etdirmek isleýändiklerini aýtdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow günbatar ýurtlarynyň geosyýasy pozisiýalaryny gorap saklamak üçin bikanun ýollara ýüz tutýandyklaryny beýan etdi.
Lawrow paýtagt Moskwada geçirilen maslahatda sözlän sözünde, günbatar ýurtlarynyň daşary syýasatlary hakynda garaýyş beýan etdi.
ABŞ-nyň başda durmagynda günbatar ýurtlarynyň deňlige esaslanýan hyzmatdaşlyk etmek islemeýändiklerine ünsi çeken Lawrow: “Günbatarly kärdeşler geosyýasy pozisiýalaryny gorap saklamak üçin güýç bilen basyş we tarapgöý sanksiýalar ýaly dürli bikanun serişdelerden işjeň peýdalanýarlar” diýdi.
Günbataryň 2-nji Jahan urşundan soň döredilen BMG-ne esaslanýan ulgamy ýok etmegä synanşýandygyny beýan eden Lawrow, oňa alada bildirýändiklerini aýtdy.
Lawrow günbatar ýurtlary bilen gatnaşyklary ýurdunyň bähbitlerine laýyklykda dowam etdirjekdiklerini nygtap: “Bizi gyzyklandyrýan ugurlarda we bizin üçin bähbitli bolan şertlerde hyzmatdaşlyga biz taýar. Şertler hakykatdan hem ýeňil däl, emma biz gatnaşyklaryň dowam etmegi üçin taýar” diýdi.
Degişli Habarlar

Ispaniýa Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Albares, Gaza ynsanperwer kömegini bermäge dowam etjekdiklerini belledi.

Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Hüjümlerde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada maglumat berilmedi.