ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 8 adam ýogaldy

ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynda 3 aýry massaž salonynda guralan ýaragly hüjümlerde jemi 8 adam ýogaldy

1602731
ABŞ-da guralan ýaragly hüjümde 8 adam ýogaldy

ABŞ-nyň metbugatynda aýdylýan we Atlanta şäheriniň polisiýa gullugyna esaslanyp berilen habarlara görä, şäherde düýn agşam 3 aýry massaž salonyna garşy ýaragly hüjümler guraldy. 

Polisiýa gullugy, ilki bilen Jorjiýa ştatynyň paýtagty Atlanta şäheriniň demirgazygyndaky Çeroki sebitinde ýerli wagt bilen, günortandan soň aziýalylara degişli massaž salonynda guralan hüjümde 4 adamyň öldürilendigi barada maglumat berdi. 

Bu wakadan gysga wagt soň ogurlyk hadysasynyň başdan geçirilýändigi barada maglumat alynan Atlanta şäheriniň merkezindäki başga bir massaž salonynda ýene-de 3 adamyň od açylyp öldürilendigi, şol hüjümden gysga wagt soň bolsa golaýdaky ýene-de bir massaž salonynda ýene-de bir adamyň öldürilendigi aýan edildi. 

Waka bilen bagly derňew işini geçirýän polisiýa gullugynyň işgärleri, agşam Robert Aaron Long atly bir adamyň saklanandygyny we 3 hüjümiň hem jogapkäriniň Longdygyna ynanýandyklaryny habar berdiler. 

Waka bilen baglanşykly derňew işi dowam edýärkä, amerikan mediasy hüjümlerde ýogalanlaryň 6-synyň asly Aziýaly zenanlardygy mälim edildi.


Etiketkalar: #Aziýa , #salon , #massaž , #Jorjiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar