Mýanmada aşa güýç ulanylmagy sebäpli düýn azyndan 12 adam ýogaldy

Mýanmalylar 6-njy fewralda demokratiýa gaýdyp gelinmegi üçin demonstrasiýa geçirip başladylar

1602002
Mýanmada aşa güýç ulanylmagy sebäpli düýn azyndan 12 adam ýogaldy

Mýanmada döwletinde goşunyň ýurdyň häkimiýetini ele geçirmeginden we saýlawlaryň netijesinde hökümediň başyna geçen hökümediň agzalarynyň göz tussaglygyna alynmagyndan soň başladylan protestlerde howpsuzlyk güýçleriniň aşa güýç ulanmagy netijesinde düýn azyndan ýene-de 12 adam ýogaldy. 

Mýanma Now habar saýtynyň berýän habaryna görä, huntaçy hökümet, aralarynda Hlaingthaýa etraby hem bolan Ýangona degişli jemi 6 etrapda adatdan daşary harby ýagdaý yglan etdi. 

Düýn geçirilen demonstrasiýalarda howpsuzlyk güýçleriniň od açmagy netijesinde azyndan 12 adam ýogaldy. 

Mýanmanyň goşuny, özüne ýakyn syýasy töwerekleriň 2020-njy ýylyň 8-nji noýabrynda geçirilen saýlawda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlary we ýurtda syýasy dartgynlygyň artmagy sebäpli 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçiripdi.

Mýanmalylar 6-njy fewralda demokratiýa gaýdyp gelinmegi üçin demonstrasiýa geçirip başladylar. 

 



Degişli Habarlar