Baýden Nýu-Ýorkyň Häkimi Hakynda Garaýyş Beýan Etdi

ABŞ-da Nýu-Ýorkyň şäher häkimi Andrew Kýumonyň jynsy zorluk edendigi hakynda habarlar ýurtda syýasy dartgynlyga sebäp boldy

1601372
Baýden Nýu-Ýorkyň Häkimi Hakynda Garaýyş Beýan Etdi

Prezident Jo Baýden bolsa mesele boýunça ilkinji beýanatyny berdi.

Ak Tamda žurnalistleriň mesele hakyndaky soraglaryna jogap beren Baýden, derňew işiniň netijesine garaşmagyň ýerlikli boljakdygyny nygtap: “Derňew işi dowam edýär we bize nämeleri getirjekdigini göreliň” diýdi.

Demokrat Prezidenti Baýdeniň şol sözleriniň Kýumony wezipeden çekilmäge çagyran Demokrat partiýanyň beýleki ýolbaşçylarynyň garaýyşyna bap gelmezligi ünsleri çekdi.

Nýu-Ýork ştatynyň Demokrat senatorlary Kuk Şýumer we Kristen Gillibrand Kýumonyň Nýu-Ýorkyň halkynyň ynamyndan gaçandygyny we wezipesinden çekilmelidigini beýan edýär.

ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň Başly Nensi Pelosi bolsa şol zenanlaryň günäkärlemelerine hormat bilen çemeleşilmelidigini we meseläniň çynlakaýdygyny beýan etdi.

Nýu-Ýork ştatynyň Mejlisi 12-nji martda 6 zenanyň öňe süren jynsy zorluk aýyplamalary sebäpli Kýumonyň wezipesinden çetleşdirilmegi üçin derňew işiniň gozgalmagy hakynda karar kabul edipdi.

 



Degişli Habarlar