Wenesuelanyň Prezidenti Maduro Russiýa tarapyndan oýlanyp tapylan "Sputnik V" sanjymyny etdirdi

Nikolas Maduro, Russiýanyň koronawirus epidemiýasyna garşy oýlap tapan "Sputnik V" atly sanjymyny etdirdi

1596570
Wenesuelanyň Prezidenti Maduro Russiýa tarapyndan oýlanyp tapylan "Sputnik V" sanjymyny etdirdi

Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, Twitter hasabyndan Kowid-19 sanjymyny etdiren mahaly alynan wideo ýazgyny paýlaşdy. 

Maduro: "Pursaty siziň bilen paýlaşýaryn. Sputnik V sanjymynyň ilkinji dozasyny aldym. Bu sanjym bilen saglygy goraýyş edaralarynda işleýän işgärlerimiziň agramly bölegine sanjym etdirdik we ähli halkymyzy goramak üçin beýleki sanjymlary hem goşup, taýarlyk görýäris" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Sputnik V sanjymynyň 2-nji tapgyrynyň hem ýurda gelip ýetendigini aýdan Maduro, sanksiýa we päsgelçiliklere garamazdan halkyň jan-saglygyny goramak üçin uly wepalylyk bilen göreş alyp barýandyklaryny mälim etdi. 

Wenesuelada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1400 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 142 müň adama golaýlady. 



Degişli Habarlar