Dünýäde Kowid-19-a ýolugan adamlaryň sany 113 million 191 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 88 million 796 müň adamdan geçdi

1590711
Dünýäde Kowid-19-a ýolugan adamlaryň sany 113 million 191 müň adama ýetdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 510 müň 810 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 113 million 191 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 88 million 796 müň adama ýetdi. 

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 144 adamlyk artyş bilen, 156 müň 742 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 17 müň 106 adamlyk artyş bilen 11 million 46 müň 914 adama ýetdi. 

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 94 adamlayk artyş bilen, jemi 59 müň 830 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8 müň 206 adamlyk artyş bilen 1 million 607 müň 81 adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 446 adamlyk artyş bilen 84 müň 876 adama ýetdi. Ýurtda wirus ýokanlaryň sany bolsa 11 müň 198 adamlyk artyş bilen 4 million 212 müň adamdan geçdi. 

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli 12 müň 708 adamyň ýogalan, 574 müň 580 adamyň hasaba alynan Pakistanda çäklendirmeleriň aýrylmaga başlanandygy mälim edildi. Şol çäkde söwda merkezleri, bazarlar we şüweleň ýerleri üçin girizilen çäklendirmeler ortadan aýryldy. Epidemiýa sebäpli yza süýşürilen ýerli saýlawlaryň maý aýynyň aýynyň ahyrynda ýa-da iýun aýynyň başynda geçiriljekdigi mälim edildi. 

Liwiýada 23 adamda Britaniýada ýüze çykan koronawirusyň mutasiýa sezewar bolan görnüşine gabat gelindi. Ýurtda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli 26 adam ýogaldy, 561 adam hasaba alyndy. 

Gazagystanda 1-nji martdan başlap koronawirusa garşy göreşiň çäginde görülen çäreleriň gowşadylmaga başlanmagy barasynda karar kabul edildi. Gazagystanda koronawirus epidemiýasy sebäpli 2 müň 718 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa soňky 1 günde 753 adam artyp, 209 müň 562 adama ýetdi. 

Nigeriýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 874 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 153 müň 187 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar