Erbil Howa Menzili Nyşana Alyndy

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Mesrur Barzani, roketa hüjümini “terrorçylykly hüjüm” hökmünde häsiýetlendirdi

1584398
Erbil Howa Menzili Nyşana Alyndy

Yragyň Erbil şäherinde ABŞ-nyň harby merkeziniň hem ýerleşýän howa menziline guralan roketa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.

ABŞ-nyň öňbaşçylygynda terror guramasy DAIŞ-e garşy döredilen hyzmatdaş güýçleri, Erbildäki howa menziline guralan hüjümde asuda ilatdan 1 adamyň ýogalandygyny, 1-i amerikaly jemi 6 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazyminiň, Erbil howa menziline guralan hüjüm hakynda jenaýat işiniň gozgalmagy barada görkezme berendigi bellenildi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Mesrur Barzani, hem Erbil şäherine guralan roketa hüjümini “terrorçylykly hüjüm” hökmünde häsiýetlendirip, hüjümi berk ýazgardy.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer ministri Mesrur Barzana telefon eden ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Yragyň Kürt Awtonomiýasyna goldaw berýändiklerini aýtdy.

Mesele hakynda ýazmaça beýannama beren Blinken “Hüjümiň jogapkärleriniň tapylmagy üçin goldaw berjekdigimizi Premýer ministr Mesrur Barzana aýtdyk” diýdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň howpsyzlyk güýçleri düýn gije Erbil howa menziline guralan hüjümde 14 roketanyň ulanylandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar