Owganystanda Talibanlylar bilen bolan çaknyşykda 4 polisiýa işgäri ýogaldy

Owganystanyň Zabul welaýatynda Talibanly başbozarlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 4 polisiýa işgäri ýogaldy

1583697
Owganystanda Talibanlylar bilen bolan çaknyşykda 4 polisiýa işgäri ýogaldy

Zabulyň Içeri işler edarasynyň müdüri Hekmatullah Koçi, Talibanly başbozarlaryň Zabul welaýatynyň merkezi Puli Sangi sebitindäki polisiýa merkezine hüjüm guramagyndan soň çaknyşygyň başlandygyny mälim etdi. 

Çaknyşykda 4 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny, 2-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdan Hekmatullah Koçi, Talibanly başbozarlaryň hem köp ýitgi çekendigini aýan etdi. 

Sebitde çaknyşykdan soň başlan operasiýa dowam edýär.

Taliban bolsa mesele bilen bagly entek beýanat bermedi. 



Degişli Habarlar