ABŞ, Mýanmada Harby Agdarlyşyk Edenlere Sanksiýa Goýdy

Jo Baýden, huntaçylara “ýurduň legal ýolbaşçylaryny boşadyň” diýip çagyryş berdi

1581458
ABŞ, Mýanmada Harby Agdarlyşyk Edenlere Sanksiýa Goýdy

 

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Mýanmada legal hökümeti agdaran harbylara sanksiýa goýulmagy barada kararyň kabul edilendigini aýtdy.

Jo Baýden, Ak Tamda beren beýannamasynda ýene-de bir gezek agdarlyşygy ýazgaryp, huntaçylara “ýurduň legal ýolbaşçylaryny boşadyň” diýip çagyryş berdi.

“Harby goşun agdarlyşyk arkaly alan güýjüni yzyna bermeli, demokratiýa arkaly saýlanan syýasy liderleri boşatmaly we halkyň ygtyýaryna sarpa goýmaly” diýen Baýden, huntaçylara garşy sanksiýa goýandyklaryny belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden “Şu gün huntaçylaryň liderlerine, olaryň hyzmatdaşlaryna we maşgala agzalaryna sanksiýa goýulmagy hakyndaky karary tassykladym” diýdi.

Jo Baýden, mýanmanyň halkyna saglyk kömeginiň we jemgyýetçilik guramalaryna bolsa degişli goldawyň beriljekdigini, mundan daşary Mýanmanyň hökümetine ykdysady taýdan sanksiýa goýuljakdygyny ýatlatdy.

Mýanmanyň harby goşuny 1-nji fewralda agdarlyşyk edip häkimiýeti ele geçiripdi.



Degişli Habarlar