Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 23 adam ýogaldy

Nigeriýada ýaragly adamlaryň guran hüjüminde 23 adamyň ýogalandygy habar berildi

1580582
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 23 adam ýogaldy

Ýurdyň Kaduna ştatynyň Içerki howpsuzlyk we Içeri işler komissary Samuel Aruwan beren beýanatynda, şahsyýetleri entek anyklanmadyk ýaragly adamlaryň ştatyň Birnin Gwari, Giwa, Çikun, Igabi we Kauru sebitlerinde hüjümler gurandygyny habar berdi. 

Samuel Aruwan, hüjümlerde 23 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Artan hüjümler sebäpli sebite goşmaça harby güýjüň gönükdirilendigini aýdan Samuel Aruwan, hüjümler bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny aýan etdi. 


Etiketkalar: #Kaduna , #hüjüm , #Nigeriýa

Degişli Habarlar