Ysraýyl ABŞ-dan uçar, dikuçar we harby enjam almagy meýilleşdirýär

Ysraýylyň Döwlet Ýaýlym Organy KAH tarapyndan berilen habarda, meýilnamanyň 3 ýyl arakesmeden soň tassyklanandygy mälim edildi

1579392
Ysraýyl ABŞ-dan uçar, dikuçar we harby enjam almagy meýilleşdirýär

Ysraýylyň Howpsuzlyk geňeşi, ABŞ-dan 9 milliard dollarlyk harby uçar we döwrebap harby enjam alyp, ýurdyň Harby-howa güýçlerini güýçlendirmek baradaky meýilnamasyny tassyklady. 

Ysraýylyň Döwlet Ýaýlym Organy KAN tarapyndan berilen habarda, meýilnamanyň 3 ýyl arakesmeden soň tassyklanandygy mälim edildi. 

ABŞ-dan harby uçarlar, dikuçarlar we ýangyç guýan uçarlary satyn almagyň meýilleşdirilen we 7 sagat dowam edendigi beýan edilen maslahata Goranmak ministri Beni Gansyň hem gatnaşandygy habar berildi. 

KAN tarapyndan berilen beýanata görä, Maliýe ministrligi resmi Tel-Awiwiň meýilnamany maliýeleşdirmek maksady bilen ABŞ-nyň banklaryndan kredit almagynyň gerek boljakdygy, onuň bolsa ABŞ tarapyndan Ysraýyla ýyllyk berilýän kömekden aýryljakdygy sebäpli ylalaşyga garşy boldy. 

Ysraýylyň ABŞ-dan almagy meýilleşdirýän harby senagat önümleriniň arasynda Chinook dikuçarlary, F-35 we F-16 harby uçarlar, bombalar we döwrebap ýaraglar bar. 

Ysraýylyň iň uly harby kömekçisi bolan ABŞ 2018-nji ýylda bu ýurda 10 ýylyň dowamynda 38 milliard dollarlyk harby kömek beriljekdigini aýan edipdi. 


Etiketkalar: #bomba , #ýarag , #uçar , #dikuçar , #ABŞ , #Ysraýyl

Degişli Habarlar