ÝPG/PKK Siriýanyň Bab etrabyna raketaly hüjüm gurady

Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanada bejergi astyna alyndylar

1579842
ÝPG/PKK Siriýanyň Bab etrabyna raketaly hüjüm gurady

Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň, Siriýanyň demirgazygynda Halap welaýatyna degişli Bab etrabynda asuda halkyň ýaşaýan ýerine raketa bilen guran hüjümiň netijesinde asuda ilatdan 3-si çaga jemi 9 adam ýaralandy. 

Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanada bejergi astyna alyndylar. 

Manbij etrabynda basyp alyşlygyny dowam etdirýän ÝPG/PKK-nyň, düýn irden bolsa Jarablus etrabynyň günortasyndaky Siriýanyň Milli goşunyna degişli ýerlere girmäge synayşmagy netijesinde Siriýanyň Milli goşunyndan 1 esger şehit boldy. 

Türkiýäniň bir tarapdan Russiýa, beýleki tarapdan bolsa ABŞ bilen gol çekişen ylalaşyklaryna garamazdan, terror guramasy ÝPG/PKK Tel-Ryfat we Manbij etraplaryny terrorçylykly aksiýalary üçin merkez hökmünde ulanmaga dowam edýär. 


Etiketkalar: #raketa hüjümi , #Bab , #Manbij , #PKK , #ÝPG

Degişli Habarlar