Owganystanyň Nangarhar welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynda guralan bombaly hüjümde polisiýa gullugynyň 1 işgäri ýogaldy

1578923
Owganystanyň Nangarhar welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Nangarharyň welaýat gubernatorlygynyň metbugat sekretary Ataullah Hogýani, Nangarharyň merkezi Jelalabad şäherinde we Hogýani etrabynda yzly-yzyna bombaly hüjümleriň guralandygyny habar berdi. 

Ataullah Hogýani, hüjümlerde polisiýa gullugynyň 1 işgäriniň ýogalandygyny, 3-si polisiýa işgäri jemi 7 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar