Britaniýa, Täze START Şertnamasynyň Möhlediniň Uzadylmagyndan Hoşal

Britaniýa,Täze START şertnamasyna uly ähmiýet berýär

1577209
Britaniýa, Täze START Şertnamasynyň Möhlediniň Uzadylmagyndan Hoşal

Britaniýa, ABŞ bilen Russiýanyň arasynda Täze strategik ýaraglaryň azaldylmagy şertnamasynyň (Täze START) möhlediniň ýene-de 5 ýyl uzadylmagyndan hoşaldygyny mälim etdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Britaniýanyň “durnuklylygyň we ynamyň” ýola goýulmagyna goşant goşýandygy sebäpli Täze START şertnamasyna uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Beýannamada, şertnamanyň möhlediniň uzadylmagyna hoşallyk bildirildi we Britaniýanyň, ABŞ-na täze ýaraglaryň gözegçilik astyna alynmagy üçin edýän tagallasyna goldaw berýändigi bellenildi.



Degişli Habarlar