Mýanmanyň Goşuny Agdarlyşyk Etdi

Mýanmanyň goşuny häkimiýeti ele geçirdi

1574763
Mýanmanyň Goşuny Agdarlyşyk Etdi

 

Mýanmanyň goşuny häkimiýeti ele geçirendigini we 1 ýylyň dowamynda ýurdy dolandyrjakdygyny mälim etdi.

Prezident Win Mýint bilen Döwlet geňeşiniň başlygy we Daşary işler ministri Aung San Suu Çii tussag edildi.

Mýanmanyň goşuny tarapyndan berlen beýannamada ertiriň irki sagatlarynda döwlet ýolbaşçylarynyň tussag edilmeginden soň agdarlyk edilendigi tassyklandy we ýurduň dolanşygynyň Baş ştabyň başlygy Min Aung Hlainge geçendigi nygtaldy.

Agdarlyşykdan soň ýurtda adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigi nygtalan beýannamada, Mýanmany 1 ýylyň dowamynda harby goşunyň dolandyrjakdygy bellenildi.

Mýanmanyň goşuny, häkimiýetiň başyndaky Suu Çii partiýasynyň ýeňişi bilen netijelenen saýlawda galplyk edilendigini öňe sürüpdi.

Jedelleşikler dowam edýärkä, Baş ştabyň başlygy, kanunlara laýyklykda hereket edilmän halatynda konstitutsiýanyň bes edilip bilinjekdigini mälim edipdi.

Mýanmanyň parlamentiniň hem şu gün açylmagyna garaşylýardy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar