ABŞ Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda geçirilen gepleşikler bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçisi Ned Praýs, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyndan hoşaldyklaryny habar berdi

1570997
ABŞ Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda geçirilen gepleşikler bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçisi Ned Praýs, mesele bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "ABŞ Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gepleşikleriň Stambulda ýaňadandan başlamagyny we ýurtlaryň hökümetleriniň hem etaba baglylygyny uly hoşallyk bilen kabul edýär. Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlygyň azaldylmagy bilen bagly edilýän ähli tagallalary goldaýarys" diýip belledi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda Stambul şäherinde geçirilen gepleşikleriň 61-nji tapgyry düýn tamamlanypdy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Dolmabahçe köşgüniň iş ofisinde geçirilen gepleşiklerde, ozal geçirilen 60 tapgyrda ele alynan meseleleriň üstünde durulyp geçildi, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we başdan geçirilen soňky wakalar bilen gelejekde bu babatda ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Taraplar nobatdaky gepleşikleriň Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherinde geçirilmegi babatynda ylalaşyga geldiler. 



Degişli Habarlar